Geçirilen gözlegleriň netijesine görä, takmynan, bäş milliard adam ýa-da dünýä ilatynyň 60 göteriminden gowragy sosial ulgamlaryň işjeň ulanyjylarydyr. Bu barada degişli çeşmede habar berildi.
Habarda 2022-nji ýyldan bäri sosial ulgam ulanyjylarynyň sanynyň 3,7 göterim artandygy we tutuş internet diňleýjileriniň sanyna (5,19 milliard adam) ýakynlaşýandygy bellendi. Adamlaryň sosial ulgamlarda geçiren wagty hem köpeldi we bu görkeziji günde ortaça 2 sagat 26 minuta ýetdi.
16-24 ýaş aralygyndaky aýallar iň köp wagtyny sosial ulgamlarda geçirýärler, 55-64 ýaş aralygyndaky erkekler bolsa iň az işjeňlerdir.
Sosial medianyň ortaça ulanyjysy ýedi platforma birikdirildi, olaryň iň meşhury WhatsApp, Instagram we Facebook.
Gündogar we Merkezi Afrikada 11 adamdan diňe biri sosial mediany ulanýar. Häzirki wagtda dünýäde iň köp ilatly ýurt bolan Hindistanda bu san üç adamdan birine gabat gelýär.
«TürkmenGazet».