
— Muhammetoraz, ilki bilen sungat älemine basan ilkinji gadamlaryňyz hakdaky ýatlamalary paýlaşsaňyz?!
― Heniz ýetginjeklik ýyllarynda, mekdep okuwçysy mahalym hem çäreleri, dabaralary alyp barmaga bolan höwesim bardy. Şol wagtlar mähriban käbämiň öz isleýän hünärime ugrukmaga ruhy goldawlaryny bermegi meni sungatyň ägirt uly meýdanyna getirdi. Özümden uly agam Eziz Sähedow bolsa obamyzda, welaýatymyzda geçirilýän toý-dabaralaryň alypbaryjysy bolansoň, maňa ilkinji halypalyk hemaýatyny berdi. Şonuň üçin hem men medeniýet we sungat dünýäsine goýan gadamlarym hakynda her gezek ýatlanymda, öz maşgala agzalarymyň täsirini uly buýsanç bilen nygtaýaryn. Şeýle höwes-hyýal, ojakdan başlanan ýol meni Türkmen döwlet medeniýet institutyna getirdi. Bu ýerde bolsa men öz ädimlerimi has gaýratly we ynamly basmagy, ýörejek ýolumdaky menzillere göz ýetirmegi öwrendim. Medeni ugurly ýokary hünär bilimini alyp, döredijilikli zähmetiň gaýnaýan ýeri bolan telewideniýede işe başladym.
— Biziň bilşimiz ýaly, siz «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda dürli gepleşikler bilen birlikde, konsertleri, medeni-köpçülik çärelerini hem alyp barýarsyňyz, şeýle-de dürli şekilli görnüşleri hem teswirleýärsiňiz. Bularyň aýratynlyklary nähili?!
― Alypbaryjy bolmak ähli babatdaky bilimleri özleşdirmegi talap edýär. Gepleşikleri alyp baranyňda öz düşünjäňi, pikiriňi degişli tema boýunça beýan etmeli bolýar. Bu ýerde, esasan, söhbetdeşliklere aýratyn orun degişli. Söhbetdeşligiň ýazgy edilýän ýerine, kim bilen söhbetdeş bolýandygyňa görä başarnygyňy doly derejede ýüze çykarmak zerur bolup durýar. Söhbetdeşligiň gyzykly we täsirli geçmegi gönüden-göni alypbaryjynyň ussatlygy bilen bagly hasaplanylýar.
Sahnalarda, konsertlerde, medeni çärelerde alyp barmak ýa-da teswirlemek bolsa taýýar teksti dogry we dürs okamak arkaly amala aşyrylýar. Sahnada ýerine ýetirilýän çykyşlar tomaşaçylaryň öňünde göni ýagdaýda bolsa, teswir tehniki serişdeler arkaly ýazgy edilýär. Montaž arkaly şekiller bilen bezelýär.
— Toý-dabaralary alyp barmakdaky tejribeleriňizi hem paýlaşaýsaňyz?!
― Dogrusy, toýa çykmak bulardan has başgaça. Toý alyp barmak dabaranyň geçirilýän ýerine, görnüşine görä dürli-dürli. Bu ýerde çykyşlar erkin ýagdaýda bolansoň, halk köpçüligi alypbaryjydan has köp zatlara hantama. Her kim öz ýürek arzuwyny aýtmak üçin söz berilmegine garaşýar, käbiri bolsa köpçüligiň öňüne çykyp gürlemäge çekinýär. Şol ýagdaýlarda deň agramlylygy saklap, toý şowhunyna päsgelçilik döretmezden, alypbaryjy örän başarnykly we göwün göteriji häsiýetde toýy dowam etmegiň hötdesinden gelmeli. Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň iň bagtly günlerine şaýat bolmak duýgusy bolsa dabarany mynasyp derejede geçirmäge we toý eýeleriniň sagbolsunlaryny, alkyşlaryny almaga itergi berýär.
— Ýoldaş alypbaryjy, sosial media sahypalarynda hem siziň goşgy setirlerini okaýan çykyşlaryňyza duş gelýäris. Bular hakynda nämeler aýdyp bilersiňiz?!
―Söz bilen iş salyşýan ýaş ýerine ýetiriji bolamsoň, şygyrlary okamagy, şahyrana sertirler arkaly sözümiziň üstüni ýetirmegi makul hasaplaýarys. Şonuň üçin hem biziň islendik ýerdäki çykyşlarymyzyň hem agramly bölegini goşgulary okamak tutýar. Milli edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň durmuşy goşgularyny okap, ildeşlerimize ýetirmek bilen bolsa olara ruhy lezzet bermegi maksat edinýärin. Şygyr okmak hem aýratyn ussatlygy talap edýär. Ýagny goşgy okamak, tekst okan ýaly däl. Onda şahyryň beýan edýän wakasyny, pikirini, manysyny duýgy bilen ses arkaly diňleýjä ýetirmeli. Çünki diňleýji ondan durmuş sapagyny edinmäge, ruhy lezzet almaga mümkinçilik tapmaly. Goşgy okamak söz baýlygyňy artdyrmaga, düşünjeleriňi giňeltmäge, sözleýşiňi ösdürmäge hem ýardam berýär.
— Sungat we döredijilik ugurly zähmetiňizi nähili güýmenjeler bilen utgaşdyrýarsyňyz hem-de hünäriňizi nähili kämilleşdirýärsiňiz?!
―Sungata we sporta sazlaşykly eýermegi durmuş ýörelgäme öwürdim diýip bilerin. Pursat tapdygymdan, suwda ýüzmek we bilýard oýnamak bilen meşgullanýaryn. Çünki bu beden saglygy bilen ruhy sagdynlygy sazlaşykly kemala getirmäge itergi berýär. Galyberse-de, kitap okamagy, esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini ürç edip okamak arkaly häzirki güne çenli öwrenenlerimiň üstüni ýetirýärin. Bu bize hünär babatda kämilleşmäge-de, durmuşyň täze sahypalaryna taýýarlanmaga-da uly güýç berýär.
— Muhammetoraz, ýylymyzyň joşgunly şygary durmuşyňyza-da, işiňize-de bellärlikli täsirlerini ýetirýän bolsa gerek?!
―Elbetde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ähli halkymyz bilen birlikde, biz — ýaşlary hem galkyndyrdy. Muny turuwbaşdan öz işimizde we ekran eserlerimizde hem beýan etdik. Häzirki günlerde hem ýylyň joşguny barha möwjeýär. Biziň her bir taýýarlaýan, alyp barýan gepleşiklerimiziň içinden, aýdym-sazlaryň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýän Watan waspy, ýaşlygyň ýalkymy belentden ýaňlanýar. Biz bolsa muňa edebi-sazly kompozisiýalarymyz, aýdym-sazly şowhunly çykyşlarymyz bilen öz sesimizi goşmaga çalyşýarys.Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Röwşen Metdiýewiň awtorlyk etmeginde taýýarlanylýan «Owazly sahna» atly gepleşigimiziň üsti bilen hem ýurdumyzyň ýaş zehinlerini ýaýlym arkaly tanatmaga, olaryň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge we halypalaryň maslahatlary bilen täze üstünliklere ruhlandyrmaga goşant goşýarys.
— Şu pursatda arzuwlaryňyzy we öňde goýýan täze maksatlaryňyzy hem beýan etseňiz!
— Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze ekran taslamalaryny durmuşa geçirmek meýillerimiz bar. Olarda Pyragynyň şygyrlaryny okamagy, sözlerine döredilen täze aýdymlary tomaşaçylarymyza we diňleýjilerimize ýetirmegi maksat edinýäris. Akyldar şahyryň arzuw eden arzyly döwründe bize işlemäge, döretmäge, ata Watanymyzy belent heňlerde, ajaýyp owazlarda wasp etmäge döreden uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza egsilmez sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Bize durmuşda we sungatda belent nusga bolýan, halypa Arkadagymyzyň, Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlaýarys.
— Maksatlaryňyz myrat tapsyn, arzuwlaryňyz hasyl bolsun!
―Sag boluň!
Söhbetdeş bolan: Aýgül MUHAMMETDURDYÝEWA,
Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.