Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry bilen 27-nji dekabry aralygynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” şygary astynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň käbir netijelerini çap etdi.
Komitetiň saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, giň gerimli bu döwlet çäresine ilat ýazuwy boýunça sanaýjylar we ätiýaçdaky sanaýjylar hökmünde jemi 14 000-e golaý adam işjeň gatnaşypdyr. Ilat ýazuwynda ýurdumyzda öndürilen planşet kompýuterleri we türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi ulanylypdyr.
Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilende 6 sany ýazuw kagyzlar boýunça maglumatlar ýygnaldy. Ýörite aragatnaşyk ýoly arkaly sebit statistika guramalarynyň planşetlerinden alnan gündelik maglumatlar Türkmenistanyň merkezi edarasynyň goragly serwerinde birleşdirilýärdi.
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek bilen bagly ýerlerde geçirilýän işlere synçy bolup gatnaşan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň ýokary derejeli halkara hünärmenleri bu döwlet çäresiniň taýýarlanyşynyň we geçirilişiniň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini bellediler.
Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň ilaty 7 057 841 adama deň boldy. Sebit boýunça alnanda, Mary welaýatynyň paýyna ýurdumyzyň ilatynyň 22,9% -i, Daşoguz welaýatyna 22,0%-i, Lebap welaýatyna 20,5%-i, Aşgabat şäherine 14,6%-i, Ahal welaýatyna 12,5%-i, Balkan welaýatyna bolsa 7,5%-i düşýär. Ilatyň ýarysyna golaýy erkek adamlar, galany bolsa aýal-gyzlar bolup, ýurdumyzyň şäher ilaty 47,1%-e, oba ilaty bolsa 52,9%-e barabardyr.
Ilatyň ýaş düzüminde işe ukyply ýaşdaky adamlar agdyklyk edýär – 57%, işe ukyply ýaşa ýetmedik we ondan geçen ilatyň paýy, degişlilikde 34,9% we 8,1%-dir. Ýaşaýyş jaý gory baradaky ýazuwynyň netijelerine görä, 1 005 671 ýaşaýyş jaýy hasaba alyndy, bu 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlary bilen deňeşdirilende, 12,4% artdy. Ýaşaýyş jaýlaryň sany 1 344 268-e deň bolup, 13,6%, olaryň umumy meýdany bolsa 24,5% artmak bilen, 165 167 523 inedördül metre deň boldy.
«TürkmenGazet».