19-njy iýulda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.
Hoşallyk hatynda Ukraina Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden degişli derman we lukmançylyk serişdeleriniň, Dokma senagaty ministrliginden harytlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden azyk önümleriniň ugradylandygy bellenilýär.
Ukrainanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hoşallyk haty bilen birlikde, haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistandan sowgatlary alan Ukrainanyň dürli sebitlerinden bolan çagalaryň şadyýan keşbini şekillendirýän fotosuratlary gowşurdy.
Hoşallyk hatynda “Belozersk hassahanasy” täjirçilik bolmadyk jemagat kärhanasynyň baş lukmany, “OHMATDET” milli ýöriteleşdirilen çagalar hassahanasynyň baş direktory we beýlekiler türkmen tarapyna çuňňur hoşallyklaryny beýan edipdirler.
«TürkmenGazet».