SliderSöhbetdeşlik

Zybany gözel — Zybagözel (söhbetdeşlik)

19-07-2023 / 839

ŞAHSY MAGLUMAT
♦ Doglan ýeri we ýyly: Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 16.10.1990 ý.
♦ Tamamlan ýokary okuw mekdebi: Türkmen döwlet medeniýet instituty, 2015 ý.
♦ Üstünlikleri: «Talyp gözeli — 2010» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2013 ý, 2021 ý.
♦ Alyp baran gepleşikleri: «Hünärli gollar», «Watan guwanjy», «Balalar», «Siziň üçin, körpeler!»
♦ Gyzyklanýan zatlary: kitap okamak, şygyrlary wideoşekilde ýazgy edip, tomaşaçylara ýetirmek.

Her birimiziň ýüregimize ýakyn görýän aýdymçymyz, artistimiz, diktorymyz… bar. «Ynsan soraşa-soraşa» diýlişi ýaly, köpüň halaýan sungat adamsy bilen söhbetdeş bolup, onuň içki oý-pikirlerini, durmuşa bolan garaýyşlaryny halka ýetirmegiň hem özboluşly ýakymy bar. Türkmen sahnasynyň bezegi, ýurdumyzyň baýramçylyk dabaralarynyň alypbaryjysy Zybagözel Muhammedowa bilen taýýarlan söhbetdeşligimiz sungata aşyk göwünleri biparh goýmasa gerek.

— Zybagözel, sizi bu hünäre ykbalyňyz getirdimi?

— Kakamyň yhlasy, onuň men hakdaky arzuwlary. Kakam saz sungatynyň aşygydy. Özi gurluşyk işleri bilen meşgullansa-da, sungatdan hiç wagt üzňeleşmedi. Ol dutar saz guralynda ussatlarça saz çalýardy. Dört-bäş ýaşlarymda tansa gatnap başladym. On alty ýyldan gowrak «Aýjan» hem-de «Näzli» tans toparlarynda tans sungaty bilen meşgullandym. Bu ýerde halypa sungat ussatlarymyzdan kän zat öwrendim. Orta mekdebi tamamlanymdan soň, sungat tejribämi zähmet ýoly arkaly kämilleşdirmek üçin kakamyň maslahaty bilen «Ýaşlyk» teleýaýlymynda işe başladym.

— Talyplyk döwri döredijilik başlangyçlaryňyzy hem kämilleşdiren bolsa gerek?!

— Talyplyk — ömrüň bahary, durmuşyň aýrylmaz bir bölegi. Munda biserhet arzuwlar, ýakymly ýatlamalar, üýtgeşik bir mähremlik bar. Talyplyk ýyllarymda hünär öwrendim. Mugallymlarym diktoryň gürlände säginmeli, äheňini beýgeltmeli ýerlerini, haýsy sözüň nähili aýdylyşyny, sesiň üstünde işlemegi öwretdiler. Talyplygymyň 3-nji ýylynda döwlet konsertlerinde alypbaryjy hökmünde çykyş edip başladym. Şeýdibem, ymykly saýlan hünärimiň binýady goýuldy.

— Alypbaryjy bolmak üçin ilkinji zerurlyk näme?

— Höwes. Bu islendik üstünligiň baş şerti. Ynsan yhlas bilen zähmet çekse, ol köpçülikden tapawutlanyp başlaýar. Ses biziň ählimizde-de bar, emma ony kämilleşdirmek özümize bagly. Zehiniň gerek bolşy ýaly, zähmetem şonça gerek diýip hasaplaýaryn.

— Ýaş alypbaryjylaryň esasy üns bermeli zatlary?!

— Bu hakynda halypa diktorlar, alypbaryjylar diýseň gowy maslahatlary berýärler. Meniň bellejek zadym: ýaş alypbaryjynyň arassa, dogry we dürs gürlemegi zerur. Söz baýlygy köp bolmaly hem-de çekinjeňligi aýyrmaga çalyşmaly.

— Diktor bilen alypbaryjynyň nähili tapawudy bar?

— Göräýmäge, manydaş söz ýaly bolsa-da, bular biri-birinden tapawutly. Alypbaryjy — gepleşigi guraýan, taýýarlaýan hem-de alyp barýan adam. Hatda gepleşigiň režissýorlygynam edýär ol. Alypbaryjylyk — döredijilik işiniň bir görnüşi. Diktor bolsa eline taýýar ssenariýa berlensoň, şondan çykmaýar, özünden zat goşmaýar.

— Zybagözel, siziň pikiriňizçe, durmuş — bu…

— Söýgi. Söýgi mähribanlygy, ýagşylygy, hormaty, päkligi özünde jemleýär. Adam hem bularsyz ýaşap bilmeýär. Ýene-de meniň üçin durmuş — bu maşgala.

— Ynsany bezeýän üç häsiýet?!

— Sanasaň sogaby kän-ä. Eger olaryň arasyndan saýlap üçüsini aýtmaly bolsa, hoşniýetlilik, mähribanlyk, edeplilik. Ýagşy häsiýetler ähli ynsany bezeýär.

— Bilýänsiňiz, her kimiň öz-özünden aýratyn talap edýän ýagdaýlary, häsiýetleri bolýar…

— Bu mende-de şeýle. Özüm ähli zadyň ýerbe-ýer, tertipli bolmagyny isleýärin. Sözleýiş, özüňi alyp baryş… ähli babatda gowy görelde görkezmäge çalyşýaryn. Aslynda, terezi ýyldyzynyň astynda doglan ynsanlaryň esasy häsiýetleriniň biri hem talapkärlik.

— Poeziýa muşdagydygyňyzy halkymyz bilýär. Haýsy şahyrlary gowy görüp okaýaňyz?

— «Çagalygymdan bäri kitaphanalardan hiç çykamok» diýsem, öte geçdigim bolmaz. Kitap, şygyr, şahyrlar, ýazyjylar meniň durmuşymda aýratyn orun eýeleýär, olar — meniň ýürekdeşlerim! Kakamyrat Rejebowyň ýazýan setirleri örän süýji we mähriban. Onuň goşgularyny öz dünýäme örän ýakyn görýärin. Berdinazar Hudaýnazarowyň, zenan şahyrlarymyz Gülşirin Hanowanyň, Aýgül Garaýewanyň goşgularyny söýüp okaýaryn.

— Diýmek, siz hem goşgularda nähilidir bir jadyly güýjüň bardygyna ynanýaňyz-da?

— Elbetde. Goşgular mende şeýle jadyly duýgyny döretmeýän bolsady, onda onuň gudratyna beýle ynanmazdym. Bir goşgyny okamda onuň awtory bilen söhbetdeş bolup oturan ýaly duýýan özümi.

— Kitaplaryň durmuşymyzdaky ornuny nähili kesgitläp bolar?

— Kitaby dost tutunan ynsan gep-sözi, dünýägaraýşy, pikirleniş ukyby bilen bada-bat beýlekilerden tapawutlanýar. Aslynda, biz durmuşy kitaplardan öwrenýäris. Kitabyň öwredýän zatlary ummasyz.

— Ahyrky sowalymyz dostluk hakynda. Siziň üçin dostluk näme?

— Dostluk iň uly we söýgüli temalarymyň biri. Dost meniň üçin maşgalaň bir agzasy ýaly. Şahyryň: «Dosta barýan ýolda yzym bar meniň…» diýen setiri hiç ýadymdan çykanok. Ol ýolda özüme iň ýagşy ynsanlary hemra edindim. Olaryň meni ömür menzilimde ýeke goýmaýandygyna, mähriban ynsanlaryň hemişe daşymy gurşaýandygyna, durmuşymy bezeýändigine soňsuz şükür edýärin.

— Zybagözel, şeýle ynsanlar durmuşyňyzy bezesin! Halk arasynda bir gowy aýdym ýerine ýetirilse ýa goşgy okalsa: «Sesiňe guwan!» diýilýär. Size-de hemişe halkymyzyň söýgüsini gazanyp, muşdaklaryňyzyň alkyşlaryna mynasyp bolup gezmek nesip etsin! Goý, şeýle süýji söhbetli günlerimiz kän bolsun! Sungat ýoluňyz mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

— Köp sag boluň! Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýäde belentden dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýollary aýdyň bolsun!

Söhbetdeş bolan Uzukjemal KADYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 18.07.2023

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu