SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýoluň ak bolsun, dalaşgär!

19-07-2023 / 11

Ak mekdebi tamamlanyňdan soň, ilkinji arzuwlaryň biri-de okuwyňy dowam etdirmek — talyp bolmak. Ýaşlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan jogapkärli döwri ýetip geldi. Elbetde, «Bilimi zor talyp bolar» diýilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuna barýan ýylymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň sany juda köp. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriniň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, dürli ulgamlarda işlemegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlaryň synaglara ykjam taýýarlanandygyny takyklajak, zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.

Kalbynda ýokary bilim almagy besleýän ýaşlaryň dürli ugurlardan bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça bilim alyp, ökde hünärmenler bolmagyna hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmalydyrys. Şu okuw ýylyndan orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärleriň birnäçesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany artdyryldy.

Talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek boýunça dowam edýän jogapkärli işiň günsaýyn giň gerime eýe bolmagy hünäre, ylma-bilime hyjuwly ýaşlaryň köpdügini görkezýär. Resminamalaryny tabşyrýan ýaşlar bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar göwün söýen hünäri boýunça bilim almaga, hünär öwrenmäge döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Dalaşgärlere uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Kalbyňyzda besleýän arzuwyňyz hasyl bolsun, mähriban ýaşlar!

Züleýha ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu