Optiki illuziýalary bolan wizuallar adamlaryň häsiýet aýratynlyklaryny ýüze çykarmakda aýratyn orun oýnap biler. Ine, şeýle wizuallaryň biri bolan ýokardaky suratda atlar, guşlar we zenan bar. Bu üç şekiliň haýsy ilki bilen siziň ünsüňizi çekdi? Saýlan şekiliňize görä, şahsyýet aýratynlyklaryňyz:
Guşlar. Eger-de suratda ilkinji gören şekiliňiz guş bolsa, bu siziň hyjuwly we çylşyrymly adamdygyňyzy aňladýar. Köplenç, ikitaraplaýyn pikir alyşmalara alyp barýan ynamyňyz bar. Mundan başga-da, bu şekili gören adamlar parahatçylykly we duýgur şahsyýetlerdir.
Atlar. Suratda gören şekiliňiz aýalyň saçyna meňzeýän atlar bolsa, bu siziň içiňizde deňagramlylygy saklaýan, ýöne gapma-garşylyklary bolan adamdygyňyzy aňladýar. Özüňiz iň gowy görnüşe eýe bolmak bilen, yzygiderli öňe ädim ädersiňiz. Bu adamlar daşyndan gaty görünse-de, olar diýseň rehimlidirler.
Zenan. Ilkinji gezek seredeniňizde, zenan ýüzüni gören bolsaňyz, onda siz durmuşyň geljegini görüp bilýän seýrek adamlardan biri. Köplenç, ýerine ýetirýän işiňizde üstünlik getirýän guramaçylykly gurluşyňyz bar. Şeýle-de ünsli we tertipli şahsyýet aýratynlygyňyz bardyr.
Ajaýyp NOBATOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.