«YouTube» platformasy ulanyjylary üçin «Durnukly ses» atly goşmaça aýratynlyk goşdy. Bu barada «Android Authority» habar berýär.
«YouTube» şu wagta çenli bu habary resmi taýdan yglan etmedi. Blogçy Brandon Li bu mümkinçiligi ilkinji bolup gördi.
Skrinşotlara görä, «Yşyk çyrasy» sazlamalarynda wideolardaky sesleri awtomatiki sazlamak üçin düwme peýda boldy. Aýratynlygyň elýeterliligini barlamak üçin wideo göreniňizde sazlamalara seretmeli.
Täze aýratynlygy synap gören ulanyjylaryň pikiriçe, bu funksiýa wideonyň sesini deňleşdirmäge, ýagny wideo wagtynda gaty gykylyklaryň ýa-da fon sesleriniň sesini azaltmaga, şeýle hem wideolardaky gaty pes sesleri ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«TürkmenGazet».