Germaniýanyň Kýoln uniwersitetiniň dilçileri ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň gadymy täsirli döwletlerinden biri bolan Kuşan şalygynyň ýazuwyny okap bildiler. Bu dilde ýazylan tekstler alymlar üçin 70 ýyldan gowrak wagt bäri tapmaça bolup gelýärdi.
Kuşan ýazuwy miladydan öňki 200 — 700-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýada ulanylypdyr. Şu güne çenli, esasan, gysga sözlerden ybarat onlarça ýazgy belli. Ýazgylar Owganystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň çäklerinden tapyldy.
1960-njy ýyllarda fransuz arheologlary Owganystanyň Daşt-i-Nawur sebitinde üç dilde ýazylan teksti tapdylar. 2022-nji ýylda Täjigistanyň demirgazyk-günbataryndaky Almasi jülgesinde iki dilde ýazylan gysga ýazgy — Kuşan we Baktriýa dilinde ýazylan ýazuw tapyldy.
Alymlar käbir dillerdäki tekstleri seljerip, Kuşan ýazgylary bilen deňeşdirdiler. Wema Takhunyň adyny we Şahanşanyň derejesini anyklamagy başardylar.
Soňra baktrian parallel tekstini ulanyp, dilçiler aýry-aýry nyşanlaryň fonetik manylaryny kesgitlemegi başardylar. Şu wagta çenli alymlar Kuşan ýazuwynyň takmynan 60 göterimini okap bildiler we bu iş dowam edýär.
Gözleg toparynyň pikiriçe, Kuşan ýazuwy düýbünden näbelli Orta Eýran diline degişlidir we Baktriýa diline meňzemeýär. Demirgazyk Baktriýanyň göçüp gelenleri ýa-da Aziýadaky beýleki çarwa halklaryň wekilleri bu dilde gürläp bilýärdiler. Ol belli bir wagt Kuşan imperiýasynyň resmi dilleriniň biri bolup hyzmat etdi. Gözlegçiler bu diliň deslapky ady hökmünde «Eteo-toharian» adalgasyny teklip etdiler diýip, Arkeonews habar berýär.
«TürkmenGazet».