ReportažSliderSyýahatçylyk

«Ýapon bagy» — bir pasylda dört reňk (fotogalereýa)

16-07-2023 / 161

Dürli reňkdäki agaçlary, ösümlikleri we balyklary öz içine alýan «Ýapon bagy» tebigy gözelligi bilen hemmeleri geň galdyrýar.

Türkiýäniň Kaman etrabynda ýerleşýän «Ýapon bagy» her möwsümde aýratyn reňkli bolýar. Ýapon arheologlary tarapyndan Ýaponiýadan getirilen ösümlikler Kirşehirde döredilen tebigy landşafta gözellik goşýar.

Esasanam, güýz möwsüminde «Ýapon bagy» dürli reňkleri özünde jemleýär. Käbir agaçlar ýaşyl ýapraklaryny saklaýar, beýlekileri sary, mämişi we gyrmyzy ýaprakly özboluşly peýzaž döredýär.

Agaçlaryň ýapraklarynyň gaçmagy hem bagyň gözelligini artdyrýar. Sumeru dagynyň kiçi görnüşini özünde jemleýän bu bagda kiçi şarlawuk we köp sanly ösümlik, agaç we howuz bar.

Arhitektura we şäher dizaýny boýunça Ýewropa sungat öwreniş merkezi we Çikago kitaphanasy tarapyndan «Iň oňat ýaşyl dizaýn» baýragy berlen ýapon bagy Ýaponiýanyň daşyndaky iň uly botanika baglaryndan biridir.

1993-nji ýylda Ýaponiýanyň Ýakyn Gündogar medeni merkezi tarapyndan Şazada Takahito Mikasanyň Kalehöýük gazuw-agtaryş işlerini ýatlamak we sebitiň ýaşaýjylary üçin dynç alyş meýdançasyny döretmek üçin döredilen bu seýilgäh her möwsümde özboluşly gözellige eýedir. Seýilgähde jemi 3 000 uly we 14 000 kiçi agaç bar.

Türkiýede syýahat etmek isleýänlere «Ýapon bagyna» baryp görmegi hökman maslahat berýäris. Bu bag, elbetde, ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu