Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar. Bu barada şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;
2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;
3) talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1280 manat möçberde bellemek we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak karar edildi.
Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün ediler.