14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda,
— Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda; orta hünär okuw mekdeplerine 17 — 28-nji awgust aralygynda guramak;
— okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugy bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
2023-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi 15-nji iýulda merkezi metbugatda çap edildi.