14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisine harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Onda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Şeýle-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenilip, ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmek tabşyryldy.
Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.