14-nji iýulda Daşkentde, Kanun çykaryjy palatanyň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň bilelikdäki ýygnagynda Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň resmi saýtlary habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň Liberal-Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew, saýlawçylaryň 87.05% sesi bilen Prezidentlige saýlandy. Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Z.Nizomhojaýew Prezident saýlawynyň täzelenen Konstitusiýa we demokratik ýörelgeler esasynda, syýasy işjeňlik şertlerinde geçirilendigini aýtdy hem-de Mirziýoýewi mähirli gutlap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy.
Dabarada Özbegistanyň saýlanan Prezidenti çykyş etdi. Prezident öz çykyşynda: «36 milliondan gowrak ilatly mähriban halkymyň asudalygy we abadançylygy üçin özümiň jogapkärdigimi duýýaryn. Şeýle ýokary ynam, hormat we üns üçin köpmilletli, batyr we paýhasly halkymyza çynlakaý söýgi we wepalylyk bilen baş egýärin» diýip belledi.
Saýlanan Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çykyşy tamamlanandan soňra, döwlet gimni ýaňlandy.
«TürkmenGazet».