«Hyundai» iň güýçli elektrik krossowerini — «Hyundai ionik 5 N» hödürledi. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berilýär.
Awtoulag iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar bilelikde 600 at güýji berýär. «N Green Boost» režiminde bolsa at güýji 641-e ýetýär.
100 km tizlenmek üçin 3,5 sekunt gerek («N Green Boost» režminde 3,4 sekunt). Krossoweriň bahasynyň 60 000 dollardan başlamagyna garaşylýar.
«TürkmenGazet».