SliderSyýahatçylyk

Bulutlaryň arasyndaky tokaý

13-07-2023 / 17

Ýer ýüzüniň suwasty tebigatynyň başgaça bolşy ýaly, gury ýerde-de bir-birinden düýbünden tapawutly ýerler bar. Käbir ýere 20-30 ýyldan bir gezek ygal düşýän bolsa, käýerde günde-günaşa ýagyş ýagýar. Köp ýerde aňyrsyna-bärsine gözüň ýetmeýän tokaýlyk bar bolsa, hiç hili ösümlikleriň bitmeýän ýerlerem gabat gelýär. 

Täsin tebigaty bilen özüne çekýän ýerleriň biri hem bulut tokaýlary hasaplanýar. Bu tokaýlyklar has köp ýagyş ýagýan beýik dag gerişlerinde gabat gelýär. Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan bu tokaýlara, esasan, ekwatora ýakyn ýerde hem-de günorta ýarym şarda gabat gelinýär. Merkezi we Günorta Amerikadaky, Afrikadaky, Günorta-Gündogar Aziýadaky hem-de Awstraliýadaky beýik dag depelerinde 600-den gowrak bulut tokaýlary bar. Olaryň 260-dan gowragy ýörite goralýan ýerleriň çäginde ýerleşýär.

Bu baý ekoulgamyň emele gelmegine dag gerişlerinden belende göterilýän  çygly howanyň ýokary çykdygysaýyn sowamagy netijesinde ýagşyň ýagmagy sebäp bolýar. Bu tokaýlar köplenç ýa ümürli, ýa-da ýagynly bolýar. Suw aýlawynyň çendenaşa köp bolmagy biologik köpdürlülige sebäp bolýar. Deňiz derejesinden ep-esli beýikde bolandygy üçin bu tokaýlarda ösümlikleriň we haýwanlaryň endemiki görnüşlerine has köp gabat gelinýär.

Bulut tokaýlarynyň täsin tebigaty myhmanlary hem özüne çekýär. Bu tokaýlaryň bar ýerinde, köplenç, bizdäki ýaly dört pasyl däl-de, adatça, iki pasyl bolýar. Gyş, ýaz, tomus we güýz pasyllary Ýeriň demirgazyk ýarym şarynda bolýar. Günorta ýarym şarda bolsa, ýyl, esasan, iki möwsüme bölünýär: gurak we ýagynly. Ýagynly möwsümde bulut daglaryna çykmak kyn we howply hasaplanýar.

Bu tokaýlardaky toprak hem hemişe yzgarly bolýar. Şonuň netijesinde, mümkin bolan ähli ýerde suwotular ýetişýär. Şeýle hem çyrmaşyp ösýän ösümlikler, mör-möjekler bilen iýmitlenýän ösümlikler, orhideýa maşgalasyna degişli güller has köp duş gelýär. Bulut tokaýlarynda guşlaryň, süýdemdirijileriň, gurbagalaryň, kebelekleriň, ir-iýmiş we miweli agaçlaryň hem-de dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň onlarça görnüşi gabat gelýär.

Gurbantäç BEGJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu