«Haýsy gazete, haýsy žurnala, haýsy goşgular ýygyndysyna seretseň ― söýgi, söýgi, söýgi. Beýleki temalardan ýazmak gerek…» diýýäris.
Haýsy-da bolsa bir temany başga bir tema garşy goýmagymyz nädogry bolsa gerek. Bir ussa dutar ýasamaga ökde bolsa, ony araba ýasamaýanlygy, başga bir ussa araba ýasamaga ökde bolsa, ony dutar ýasamaýanlygy üçin aýyplamak, megerem, döredijilik prinsiplerine tersdir.
Söýgi temasyny çäklendirmek hakynda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Gürrüň bolanda-da, ony diňe öz hasabyna ― gowşak işlenilişiniň hasabyna çäklendirmek bolar.
* * *
Her bir hoş sözi ýerine düşürip, başaryp aýdyp bilmegiň ullakan ähmiýeti bar. Şeýdilse kän-kän adamlaryň saglygyny gorap boljak.
Hoş söz satylýan zat däl: ony zerur ýerinde gysganman paýlamak gerek.
* * *
Talantly adam ýapdan bökjek bolanda (ýykylaýmak howpy bar bolsa!), onuň aýaklarynyň aşagyna köpri bolmaga taýýar adamlar, nähili kärdäki adamlar bolsalar-da, olar hem talantlydyrlar.
* * *
Şeýle bir hakykat (uzak ýyllaryň tejribesi esasynda) iki gezek ikiniň dörtlügi ýaly aýan boldy: özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar.
* * *
Adam dört hili pursatda örän ýaňra bolýar diýýärler: 1) Çagalyk dosty bilen duşuşanda. 2) Bir zada hetdenaşa şatlananda. 3) Agyr işi ýeňip geçende. 4) Garranda.
Bularyň käbirini başdan geçirdim hem-de geçirip ýörün. Ýöne men olaryň başky üçüsini ýaňralyk hasap edemok. Adam şeýle pursatlarda köpräk gürleýän ýaly bolsa-da, ýüregini daşyna çöwürýäni üçin şeýdýär: syryny gizlemeýär, töweregine şatlyk paýlaýar. Adamyň çyn, asyl tebigaty ýüze çykýar.
Dördünjisiniň nähilidigini bilemok. Onuň bilen duşuşmaga-da howlugamok. Nähili zatka? Eý, toba…