BMW ulanyjylaryň gözüniň öňünde tizligi, geçirijiligi we nawigasiýa maglumatlaryny çykarýan ConnectedRide akylly äýnekleri hödürleýär. Ekranda sürüjiniň maglumatlaryny gözleriniň öňünde görkezip bilýän awtoulaglardaky baş ekrana meňzeş, sag linzada görkezilýär.
Maglumat her bir sürüjä örän oňaýly sazlanyp bilner we äýnekleri smartfona Bluetooth arkaly birikdirip bolýar. BMW Motorrad Connected goşundysy arkaly GPS-iň maglumatlaryny we beýlekileri görkezip bilerler.
Täze akylly äýnek motosikl sürüjileri üçin ýörite niýetlenendir. BMW dürli ýüzlere laýyk boljak, şeýle hem dürli kaskalarda rahat ýerleşdirmek üçin iki ululygy hödürleýär.
Akylly äýnek 10 sagada çenli işläp, USB kabeli arkaly zarýad alyp bilýän içerki litiý-ion batareýasy bilen üpjün edilen. Olar 10°C -dan +50°C-a çenli temperaturada işlemek üçin niýetlenenip, onuň bahasy 690 ýewrodyr.
Orazmyrat GURBANOW,
TOHI-niň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.