Psihologiki synaglar özüňiz we dünýä bilen nähili gatnaşygyňyza has gowy düşünmegiň gyzykly we açyk usuly bolup biler. Bu aýratyn hem şahsyýet synaglary, karar bermäge nähili çemeleşýändigiňizi açmagy maksat edinýär. Çalt karar berip bilýärsiňizmi ýa-da howlukmak isleýärsiňizmi? Aşakdaky suratda ilkinji gezek seredeniňizde gören haýwanyňyz siziň bu ugurda nähili hereket edýänligiňize jogap tapmaga kömek eder. Siz surata seredeniňizde ilki nämäni görýärsiňiz?
At
Ilki aty görýän adamlar köplenç çalt pikirlenýärler. Duýdansyz üýtgeşmelere çalt uýgunlaşýarlar we gysga wagtyň içinde çözgüt kabul edip bilerler. Ýyldyrym tizliginde ýagdaýlary seljermek we ynam bilen karar bermek ukyby bar. Aty görmegi başaran adamlar islendik zatlarda jogapkärçililikli çynlakaý çemeleşýändikleri we kyn işlerden gaça durmaýandyklary üçin, köplenç, ynamly we ygtybarly hasaplanýar.
Gurbaga
Gurbagany ilki görýän adamlar adatça ugurtapyjy bolýarlar. Karar berende uzak wagtlap pikir edýärler we herekete geçmezden ozal her tarapdan pikirlenmegi makul bilýärler. Olar sabyrly we çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýärler. Bu şahsyýetli adamlar durmuşynda täzelikleri gözläp tapmaga ukyply bolýarlar. Şeýle hem ýokary derejeli analitiki rollar ýaly sabyrlylygy we jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän şertler üçin has amatlydyr. Bu hili şahsyýetli adamlar, jogapkärçiliklerine çynlakaý çemeleşýändikleri üçin köplenç ynamly bolýarlar.
Eneş ÖDEKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.