
Demirgazyk Irlandiýada ýerleşýän, «Äpetleriň ýodasy» diýlip atlandyrylýan bu geologiki emele gelmeler 50-60 million ýyl mundan ozal ýanardagyň atylmagy netijesinde döräpdir diýip, aýdýarlar. Ýokary çykan gyzgyn läbikler çalt doňup, dik bazalt sütünlerini emele getiripdirler.
Biri-biri bilen sepleşýän, giden meýdany tutup duran 40 müňden gowrak sütüniň köpüsi altyburçluk görnüşindedir. Olar dürli beýiklikde bolup, iň ulularynyň beýikligi 12 metre golaýlaýar. Gaýanyň eteginden başlap, suwa süsňäp girýän sütünleriň döreýşi hakynda ýerli rowaýatlar hem bar. Şolaryň birinde gaýduwsyz irland urşujysynyň deňziň aňyrsynda ýaşaýan ýekegözli äpet jandar bilen söweşjek bolandygy, ýöne ýüzüp bilmänsoň, şeýle sütünlerden köpri gurandygy barada aýdylýar.
Sütün şekilli geologiki emele gelmeler 1986-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem girizilendir.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.