11-nji iýulda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisde duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekiliýet agzalary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Ýaponiýa hakynda iňlis dilinde neşir edilen kitaplary sowgat bermek mynasybetli guralan dabara gatnaşdylar.
Duşuşykda taraplar «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklap, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda Türkmenistanda ýapon dilini öwretmek boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
«TürkmenGazet».