10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu kitabyň ilkinji nusgalary 28-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylara gowşuryldy.
Tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Onda halkymyzyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň subutnamalary bolan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň jemgyýetiň aňyýetine oňyn täsir etmekde ägirt uly ähmiýetini bellediler.
«TürkmenGazet».