Siziň üçin...Slider

Dollar nähili döredi?

11-07-2023 / 4

Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjeginde giňden ulanylýan dollar pul birligi aslynda nähili döredikä we onuň ýüzündäki şekiller nähili saýlanyp alyndy? Bu barada pikir edip gördünizmi? Geliň, dollaryň ilkinji  ýüze çykyşy barada gysgaça tanyş bolalyň!

Ilkinji sapar 1785-nji ýylyň 6-njy iýulynda Tomas Jeffersonyň teklibi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kontinental Kongresi dollaryň mundan beýläk ýurduň esasy walýutasy boljakdygyny yglan etdi.  Şeýlelik bilen, ABŞ “dollar” sözüni milli walýutanyň resmi ady hökmünde kabul eden ilkinji döwlet boldy.

Ilkinji dörän wagtlary dollaryň daşky görnüşi yzygiderli üýtgeýärdi.  1928-nji ýylda rus emigrant suratkeşi we filosofy Sergeý Makronowskiý (Keriç) tarapyndan hödürlenen dizaýn kabul edildi. Bu dizaýn 1 dollarlyk we beýleki banknotlar üçin hem kabul edildi. Şeýlelikde, banknotlar häzirki zaman keşbini aldy.

Kongres sekretary Tomson we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda we 1782-nji ýylyň iýun aýynda döredilen ABŞ-nyň döwlet nyşany bolan “Beýik möhür” dollaryň bir gapdalynda goýuldy. Sag penjesinde bolsa 13 zeýtunly we çepde 13 okly bir zeýtun şahasy bolan bürgüt, şeýle hem Providensiň gözi ýagty üçburçlukda ýerleşdirilen 13 basgançakly piramidanyň şekili ýerleşdirildi.

Bürgüt şekil häzirki wagtda hem Amerikanyň resmi nyşany hökmünde giňden ulanylýar we piramidany diňe soňky wagtda çap edilen amerikan dollarynyň 45% -ini düzýän 1 dollarlyk kagyzlarda tapyp bilersiňiz.

Arzygül TEKEMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu