SliderSöhbetdeşlik

Zenan zehini zybadyr (ekzklýuziw söhbetdeşlik)

Aýdymçy gyz Selbi Kakanowa bilen sowal-jogap

10-07-2023 / 20

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, diňe bir sungat ýolunda däl, eýsem, milli lybaslarymyzy öz zehinine baglap milli biçüwdäki lybaslary ýerine ýetirýän aýdymçy gyzymyz Selbi Kakanowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Selbi, söhbetimiziň başyny döwrümiziň ýaş aýdymçy zenany bolmak duýgusyny beýan edýän buýsançly sözleriň bilen başlaýaly.

― Ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler her bir raýatyň bolelin, bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilýär. Biz — ýaşlaryň saýlan hünärimizi kämillik derejesine ýetirmekde, öz islän kärimizi ele almagymyza ähli mümkinçilikler döredilýär. Bizi buýsandyrýan zat, ýurdumyzda ýaşlara berilýän üns we döredilýän mümkinçilik. Diňe yhlas bilen maksadaokgunly saýlan käriň ugrunda zähmet çekäýmeli.

Aýdymçy zenanyň aýratyn häsiýetleri.

― Zenan aýdymçy bolmak has-da jogapkärligi, ünslüligi talap edýär. Zenan aýdymçy mylakatlylygy, pespälligi, dogry pikirlenmäni özüne ýanhemra edinmeli. Özi hakyndaky teswirleri dogry kabul etmegi başarmaly. Men öz häsiýetim barada aýtsam, käwagt adamlary edýän hereketleri ýa-da pikiri boýunça ýazgarýarlar. Durmuşda her kimiň öz pikiri bar. Seňki dogry diýmäni başarmaly, her kimiň öz garaýyşy bar.

Siziň sahnada özüňizi erkin alyp barmakda täsir edýän zatlar?!

― Sahna — bu her bir sungat işgäri üçin iň mukaddes ýer hasaplanylýar. Çünki ol ýerde her bir sungat ynsany zehin-başarnygyny tomaşaçy bilen paýlaşýar. Men sahnada özümi erkin duýýan, çünki sungat ýoly bilen 6 ýaşymdan bäri meşgullanmagym sahna aljyraňňylygyny ýeňmegime kömek edýär. Mundan başga-da, ussatlary diňlemek, olaryň gymmatly maslahatlaryny almak sungat adamlarynyň sahnada erkin bolmagyna we eserlerini aljyraman ýerine ýetirmegine kömek edýär.

Milli lybaslarymyzyň şöhraty gadymda we häzirki wagtda…

― Her bir döwletiň milliligi bar. Ene-mamalarymyzdan miras galan milli lybaslarymyz, milli keşdelerimiz häzirki wagtda döwrebap äheňde, milliligini ýitirmän ýerine ýetirilýär. Meniň özümem milli biçüwdäki lybaslary tikip, olary milli keşdelerimiz bilen bezeg edýärin. Millilik bilen täze görnüşleri baglanyşdyryp, olaryň öwüşginini zenan lybaslaryna siňdirmek endigime öwrüldi.

Siziň pikiriňizçe, ökde tikinçini nädip tanap bolýar?

― Ökde tikinçinini köýnek tikip bolanyndan soň, iç tarapyndaky galyndy mata, sapaklaryň sazlaşmagyndan we arassalanmagyndan tanap bolýar. Mundan başga-da, her bir müşderiniň fiziki gurluşy üýtgeşik, her kimiň ölçegine görä lybas tikilmeli we tikinçi ölçeg alanda ýa-da doly taýýar bolmazdan öňürti müşderiniň üstünde köýnegiň oturşyna gözegçilik edende ünsli bolmaly. Ökde tikinçini köýnegiň ütüginden hem tanap bolýar.

Häzirki wagtda moda köýnekler.

― Häzirki wagtyň moda köýnekleri döwrebaplaşdyrylan milli lybaslarymyz. El işleri bilen bezelen, ýagny keşdeler, dürli gaşlar, biserler bilen bezelen lybaslar olaryň reňk sazlaşyklary lybaslaryň owadan we döwrebap bolmagyna getirýär. Her bir tikinçiniň döredijiligi täze moda köýnekleriň döremegine mümkinçilik berýär. 

Arzuwlaryňyz?!

― Mynasyp Watan gyzy bolmak. Saýlan hünärimi kämilleşdirip, bagtly ýaşamak. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, sungat ýolunda täze eserleri döretmek. Milliliklerimizi öz tikinçilik işimde has-da döwrebap ýerine ýetirmek.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu