Habarlar

Balkan welaýatynyň edermen gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler

10-07-2023 / 4

7-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyza günbatar sebitiň hasyl ussatlarynyň ak bugdaýyň bereketli hasylyny taýýarlamak baradaky meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri barada buýsanç bilen habar berildi.

Balkan welaýatynyň daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň orak möwsüminde 50 müň gektar meýdandan 80 müň tonna galla taýýarlamak baradaky meýilnamalaryny tutuş ýurtda ilkinji bolup, artygy bilen amal etmegi başardylar. Asylly zähmeti bilen bolçulygyň, bereket akabasynyň sakasynda durýan hasyl ussatlarynyň eýelän belent sepgitleri olaryň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidir.

Ýeri gelende aýtsak, balkanly kärendeçiler tutanýerli zähmet çekip, şu ýyl azyklyk guşgursak dänäniň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Galla oragynda “СLAAS” we “New Holland” kysymly kombaýnlaryň 156-synyň iki çalşykda öndürijilikli işledilmegi üçin düzüminde mehanikler, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlary döredildi. Kombaýnlaryň bunkerlerinden agdarylan azyklyk däne hasylyny Gyzylarbat hem-de Bereket etraplaryndaky galla kabul ediş kärhanalaryna ýitgisiz daşamak üçin awtoulaglaryň 780-si bökdençsiz işledildi. Galla kabul ediş nokatlarynyň hem-de Gyzylarbat etrabyndaky her biri 50 müň we 30 müň tonna däne saklamaga niýetlenilen elewatorlaryň, dänäniň hilini kesgitleýän ýörite barlaghanalaryň, ammarlaryň irgözinden taýýarlanyp goýulmagy möwsümi ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu