
Ýewropanyň gür gatnawly awiamerkezi hökmünde Stambulyň halkara howa menzili ykrar edildi. Howa nawigasiýasynyň howpsuzlygy boýunça Ýewropa guramasynyň Türkiýäniň Ulag ministrligine salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, ol her gün 1500-den gowrak gatnaw uçuşyny kabul edip ugradýar.
2023-nji ýylyň 26-njy iýunyndan 2-nji iýuly aralygynda Stambul howa menzilinde uçuş gatnawlarynyň iň köp sany günde 1525-e ýetdi. Bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 14% köpdür.
«TürkmenGazet».