Hytaýyň «WeRide» kompaniýasy BAE-de sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ygtyýarnama aldy. Bu ygtyýarnama özbaşdak hereket edýän ulaglary ýurduň herekete açyk ýollarynda synagdan geçirmäge rugsat berýär.
Ýurtda 2030-njy ýyla çenli ýolagçy gatnawynyň 25 göteriminiň sürüjisiz ulaglar bilen amala aşyrylmagy maksat edinilýär. Bu rugsatnamanyň hem şol maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde berlendigi mälim edildi. Berlen ygtyýarnama şol maksada ýetmäge hem ýardam eder.
2019-njy ýylda Dubaýyň Gara ýollary edarasy Bütindünýä sürüjisiz gatnaw maslahatyny geçiripdi.
«TürkmenGazet».