9-njy iýulda dünýäde Moda güni bellenilýär. Moda diňe bir geýim arkaly däl-de, eýsem, köwüş, saç, esbaplar, makeup we başga-da birnäçe zatlar arkaly estetiki aňlatma hökmünde kesgitlenip bilner.
Moda belli bir wagtda, belli bir gurşawda kabul edilen endikleriň, gymmatlyklaryň we tagamlaryň toplumydyr. Modany şeýle atlandyryp bilersiňiz: ol — içgysgynçlygyň bejergisi. Galyberse-de, ylham we içki dünýäni göz öňüne getirmegiň usuly bolup hyzmat edýär.
Moda iň üýtgäp durýan medeni hadysalaryň biridir. Her möwsüm bize durmuşyň geçişini, dünýädäki hemme zadyň gaýtalanýandygyny görkezýär, şeýle hem moda bize ertire bolan umydy döretýär.
Gyzykly tarapy, «Moda» düşünjesi XVII asyrda ýüze çykyp ugraýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Moda tendensiýasy ugrunda Ispaniýa, Italiýa we Fransiýa göreşdiler. XIX asyryň ikinji ýarymynda, bilşimiz ýaly, moda pudagy ýüze çykyp başlady. Möwsümleýin moda, ýokary moda hem-de moda öýleri açyldy we olar işini häzire çenli dowam etdirýärler.
XX asyr moda üçin rewolýusiýa boldy. Hökümdarlar däl-de, dizaýnerler modanyñ üstünden höküm sürüp başladylar. Moda adamlar bilen deň üýtgeýär. Umuman, moda hakda köp zatlary aýdyp bolar.
Moda gününi bellemegiň birnäçe usullary:
— häzirki wagtda iň moda eşikleri geýiň (muny her gün edip bilersiňiz, hatda hökman etmeli);
— bu gün diňe moda eşikleri ýa-da beýleki esbaplary satyn alyň (maddy ýagdaýyňyza görä);
— moda taryhynyň hronologiýasyny öwreniň (bu örän gyzykly);
— moda žurnallaryna ýazylyň (häzirki wagtda olar diýseň köp);
— moda kitaplaryny okaň (eger-de wagtyňyz bolsa);
— häzirki wagtda dünýäde näme geýilýändigini anyklaň (bu möhüm).
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.