
Adamzat gadymy döwürlerden bäri suw giňişliginde baý we uzak möhletli azyk ammaryny tapmak umydy bilen nazaryny deňze, derýa, köle öwrüpdir. Şeýlelikde, höwesjeň adamlar topary kem-kemden kämilleşip, hünär taýdan dürli görnüşli süýji balyklary tutup berýän balykçylar emele gelýär.
Şol sebäpden, tomsuň ortasynda — iýul aýynyň ikinji ýekşenbesinde öňki SSSR-iň giňişligindäki käbir ýurtlarda hünär baýramçylygyň – Balykçylar gününiň bellenilmegi geň däldir. Bu gün SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1965-nji ýylyň 3-nji maýynda çykaran No.3519-VI karary bilen döredildi.
Diňe deňiz we derýa balyklarynyň däl, eýsem, beýleki suw haýwanlarynyň hem tutulmagyny öz içine alýan balykçylyk köp ýurt üçin öňdebaryjy pudaklaryň birine öwrüldi we esasy eksport elementini emele getirdi. Esasan, balyk iýmitlenişde ulanmak, şeýle hem balyk ýagyny almak üçin tutulýar.
Russiýa beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, bu hünär gününi belleýär. Bu günde durmuşyny balykçylyk hünäri bilen baglanyşdyran her bir adamy gutlap bilersiňiz.
Däp bolşy ýaly, balyk tutmaga bagyşlanan gyzykly wakalar hem şu güne gabat gelýär. Baýramyň adaty tagamy, elbetde, balyk çorbasydyr. Nusgawy rus balyk çorbasy üç ýa-da dört görnüşli balykdan taýýarlanýar.
Arzygül TEKEMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.



