7-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýerleşýän «Müňýyllygyň meýdançasynda» «Ýüpek ýoly — 2023» halkara ralli marafonyna badalga berildi. Her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen bu ýaryşa gatnaşýan 93 ekipažyň düzüminde ildeşlerimiz hem bar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Halkara ralli marafonynyň öňüsyrasynda bu ýurduň çäginde synag ýörişleri geçirildi. Bu bolsa rallä gatnaşýanlar, şol sanda ýurdumyza wekilçilik edýän ekipažlaryň üçüsi üçin tehnikalary we ýaryşa taýýarlygy synamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bu ralli 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat aralygynda «Ýüpek ýoly» ady bilen geçirilen ralliden gözbaş alýar. Ildeşlerimiziň abraýly ýaryşyň nobatdaky tapgyrynda ýeňijilige dalaşgärleriň hatarynda görülýändigini-de aýtmalydyrys.
Halkara ralli marafonynyň ýoly Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň 13-siniň çäginden geçer. 9 tapgyrdan ybarat boljak ýaryş Moskwada tamamlanar. Ekipažlar umumylykda 5247 kilometre barabar menzili geçmeli bolarlar. Şol aralygyň 2277 kilometri ýokary tizlikde geçilmeli ýola degişlidir.
«TürkmenGazet».