Biler bolsaňyz, hamyr soda, öýüňiziň dürli ýerlerindäki, esasanam aşhanalardaky islenilmeýän yslary aýyrýar. Hamyr sodasynyň peýdalaryndan biri, jaýyň howasyny arassalamakdyr. Aşhanadaky yslary aýyrmak üçin suw bilen sirkäniň garyndysyny, gury ergin bilen hamyr sodasyny garyp ulanyp bilersiňiz. Tebigy otagyň ysyny almak isleýänler üçin ilki bilen islenmeýän yslary aýyrmak roluny ýerine ýetirýär.
Esasanam yssy howada, uzak wagtlap şemallaşdyrylmaýan burçlarda käbir yslar ýygnanýar. Köp wagt bäri ulanylmadyk tomus jaýlarynyň aşhana burçlarynda agyr ysyň ýüze çykýandygy görünýär. Jaýyň howasyny täzelemek üçin, ys berijileri göni otaga sepmegiň ýerine, ilki bilen otagda bar bolan ýaramaz yslary aýyrmaly.
Dezodizasiýa etmek üçin hamyr sodasyny nädip ulanyp bolar?
Sowadyjyňyzyň bir burçunda ownuk tabak hamyr sodasyny saklaň. Ony her 2 hepdeden bir täzeläň. Şeýlelikde bu ýagdaý sowadyjyňyzdaky iýmitleriň yslarynyň biri-birine garyşmagynyň öňüni alar.
Hamyr soda diňe aşhanada däl, eýsem, şahsy zatlaryňyzda-da islenmeýän yslar üçin ajaýyp gutulgydyr! Bu täsirli materialy aýakgaplaryňyzdaky islemeýän yslaryňyzdan dynmak üçin hamyr sodasyny sepip, dezodizator hökmünde ulanyp bilersiňiz.
Merjen KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň öwreniji mugallymy.