SliderTrend we gözellik

«Sennur» moda öýi – «Oriental fashion show» moda görkezilişinde

07-07-2023 / 16

«The Oriental Fashion show» – Gündogar modasyna bagyşlanan ilkinji halkara moda görkezilişidir. Parižde döredilen we 10 ýurduň gurnamygynda 15 ýyldan bäri zähmet çekip gelýän simwoliki many we taryh bilen doldurylan adaty modany gowy strategiki pozisiýasy bilen halkara bazaryna gönükdirilen häzirki zaman tendensiýalarynyň üstünde işleýär. Bu moda sergisinde 50 ýurduň 100-den gowrak moda dizaýnerleri öz milli medeniýeti bilen bagly döreden eserleri bilen çykyş etdiler.

«Centralasia.news» -iň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda Parižde geçirilen moda dünýäsiniň iň ajaýyp wakalarynyň biri — «Oriental fashion show» moda görkezilişine ýurdumyzyň moda öýi hem gatnaşdy. Moda görkezilişinde dünýäniň abraýly moda öýleri özleriniň täze kolleksiýalaryny hödürlediler. Dizaýny, stili hem-de hili bir-biri bilen baglanyşdyran bu moda çäresinde türkmen milliliginiň görkezilmegi-de örän buýsandyryjydyr.

Parižde görkezilen moda görkezilişine «Sennur» moda öýüniň gatnaşandygyny aýratyn bellemelidiris. Ýewropa stilinde taýýarlanan milli lybaslarymyzy synlan dünýäniň moda wekilleri hem-de muşdaklary milli lybaslarymyza ýokary baha berdiler. Etnik stilde öndürilen eşikler milli egin-eşik däpleriniň we häzirki zaman moda tendensiýalarynyň üstünlikli utgaşmasy bilen tomaşaçylary özüne çekmegi başardy.

Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu