6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen «Yslam ösüş banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, şeýle-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň gatnaşmaklarynda guralan Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyna bagyşlanan serginiň işine syn etdiler.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Yslam ösüş banky bilen gatnaşyklarynyň taryhy we häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary, hususan-da, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň gurluşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde Yslam ösüş bankynyň aýratyn ähmiýeti dogrusynda bellediler.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.