SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — ŞHG: ählumumy parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

07-07-2023 / 8

Türkmenistan hemişe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, giňeltmek, halkara meseleleri çözmekde tutýan ornuny barha artdyrmak, birek-birege hormat goýmak, milli bähbitleri göz öňünde tutmak ýörelgelerinden ugur alýar. 2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýandygynyň täze beýanydyr.

ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň giň geografik hem-de düzümleýin esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Mejlisde bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ŞHG-niň nobatdaky sammitinde durnukly ösüş üçin parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy mesele bolup durýandygyna ünsi çekmek bilen, anyk başlangyçlary öňe sürdi. Olar, esasan, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk, logistika, energetika, ýokary tehnologiýalar hem-de ekologiýa babatda hyzmatdaşylygy giňeltmek, bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly tekliplerdir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlaryň her biri boýunça bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri guramagy, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Sebitiň uly hem-de köp ilatly döwletleriniň biri — Hindistan Respublikasy şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi. Şeýle-de nobatdaky mejlisiň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygyny kabul etdi. Mejlisde Eýran Yslam Respublikasy ŞHG-ä agzalyga kabul edildi, Belarus Respublikasy bolsa gurama doly hukukly agza döwletiň derejesi berildi. 

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna pikir alyşmak, onuň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin açyk meýdança hökmünde garaýar. «Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda aýtdy. Şol bir wagtda Türkmenistan ŞHG-niň ykdysadyýetde öňe sürýän başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar.

Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu