Siziň üçin...Slider

Tomusky dynç alyş möwsüminde näme etmeli?

06-07-2023 / 3

Tomusky dynç alşy nädip has peýdaly geçirip bolar?! Öňüňde haýsydyr bir maksat goýmak üstünlige ýetmegi aňsatlaşdyrýar. Bu ýagdaý diňe beýik maksatlarda däl, ýönekeý zatlarda hem şeýle. Şol sebäpli köp ýaly bolup görünýän hem bolsa, bu gysga döwürde nämeler etjekdigiňiz barada öňüňizde maksat goýmaly. Islän maksadyňy kesgitläniňden soňra, bu barada ata-eneňizden ýa-da ululardan kömek soramaly. Dynç alyş möwsüminiň dowamynda etjek işleriňizi wagtlara görä bölüp hem bilersiňiz. Bu barada taýýarlan meýilnamaňyzyň arasynda gezelenç, oýun, kitap okamak, sport ýaly ähli dynç alyş çäreleriň bolmalydygyny ýatdan çykarmaň! Tomusda diňe okajak bolup hereketden, oýnajak, sport bilen gyzyklanjak diýip, kitapdan daşlaşmaly däl.

Kitap okaň! Okajak kitaplaryňyzy öňünden kesgitleseňiz gowy bolar. Ilki bilen, okuw ýylynda öwrenen zatlarymyzy bir gezek gaýtalamagy, gözden geçirmegi unutmaň! Öwrenen zatlaryňyzy hepdäniň belli güni maşgala agzalaryňyza gürrüň berseňiz, has hem çuňňur özleşdirip, okamagy söýersiňiz. Okamak indiki okuw ýylyna hem taýýarlykly barmaga ýardam eder.

Hereketde boluň! Dynç alyş möwsüminiň bedenimizi berkitmek üçin mümkinçilikdigini unutmaň! Futbol, karate, woleýbol, basketbol ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak siziň bedeniňizi berkider, sagdyn fiziki ösüşe ýardam eder.

Ukyplaryňyzy kämilleşdiriň! El we akyl güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ediň! Mysal üçin, döwülen enjamlary bejermek ýa-da agaçdan we beýleki zatlardan käbir zatlary ýasamagy öwreniň!

Gezelenç ediň! Dünýägaraýşyňyzyň giňemeginde gezelenç etmegiň ähmiýetiniň bardygyny hem unutmaň! Ýurdumyzyň tebigy gözelliklerine we taryhy ýadygärliklerine gezelençleri gurap bilersiňiz. Gezelenje baranyňyzda ol ýerler barada has giňişleýin maglumat öwrenmegi ýadyňyzdan çykarmaň!

Gün tertibine eýeriň! Okuw döwründe belli bir ýatýan we turýan wagtymyz bolýar. Dynç alyş möwsüminde hem şeýle düzgüni dowam etdirmelidir. Saglygymyzy goramaga hemişe üns bermeli. Tebigata ýa-da bize nätanyş bolan ýerlere gidilende, arassa bolmadyk miwedir ir-iýmişleri iýmekden, hapa we çuň suwa girmekden gaça durmaly. Şeýle hem oýun oýnajak ýerimiziň we beýleki ýerleriň arassa bolmagyna üns beriň!

Süleýman ESENOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu