
Islendik bir täzeligi jemgyýete ýetirmekde habar beriş serişdeleri möhüm rol oýnaýar. Metbugat — döwrüň aýnasy. Täze gazet — «Arkadag» gazeti hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň aprel aýynyň başynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen döredildi.
Gazetiň ilkinji sany 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda — Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berlen gününde okyjylara gowuşdy. Türkmen dilinde, hepdede bir gezek çap edilýän täze metbugat neşiriniň birinji sany hormatly Prezidentimiziň gazetiň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna iberen Gutlagy bilen açylýar. «Täze neşiriň oňyn özgertmelerimiziň, giň gerimli başlangyçlarymyzyň düýp many-mazmunyny halka düşündirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna, şäher ýaşaýjylarynyň, ähli watandaşlarymyzyň, giň okyjylar köpçüliginiň uly söýgüsini gazanjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
Täze neşiriň elektron görnüşi hem okyjylara elýeterlidir. Ýeri gelende bellesek, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 2019-njy ýylda açylan metbugat.gov.tm internet saýty ýurdumyzyň neşirlerini sanly ulgama geçirmekde ilkinji tejribe boldy. Bu saýtda Diýarymyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň PDF nusgalary bilen tanyşmaga hem-de olary ýükläp almaga mümkinçilik bar. Indi olaryş arasynda «Arkadag» gazetini hem görmek örän buýsançlydyr. Saýtyň okyjylary gündelik çapdan çykan neşirlerdäki habardyr makalalaryň iň gyzyklylary, gullugyň düzümine girýän çaphanalaryň hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanşyp bilýärler. 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň maglumatlar giňişligine çykarylmagy bolsa ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary elektron görnüşde köpçülige elýeterli etmek we onlaýn abunany ýola goýmak babatda täzeçe çemeleşmelere badalga berdi.
Täze gazetiň ilkinji sanynda Arkadag şäheriniň döredilmeginiň taryhy hem-de şu güni, onda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin döredilen döwrebap şertler, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, şäheriň ekologik derejesi, dünýä ýüzünde uly seslenme tapmagy we ykrar edilmegi bilen bagly maglumatlara giň orun berilýär.
Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



