TDH-da habar berlişi ýaly, 4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu günki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk edýär. Geňeşiň mejlisi başlanmazdan ozal, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekledi.
Şu gezekki sammit “Howpsuz ŞHG ýolunda” (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçýär. Iňlisçe “SECURE” diýen gysgaldylan adalgany ŞHG-niň 2018-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Narendra Modi teklip edipdi. Şunda S harpy raýatlaryň howpsuzlygyny (security for citizens), E ykdysady ösüşi (economic development), C sebit gatnaşyklaryny (connectivity in the region), U agzybirligi (unity), R döwlet Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagy (respect of sovereignty and integrity), E harpy bolsa daşky gurşawy goramak (environment protection) diýmegi aňladýar.
Duşuşyga ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlary gatnaşdylar. Sammite synçy döwletleriň Liderleri hökmünde Eýranyň, Belarusuň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem mejlise bu guramanyň hemişelik hereket edýän iki edarasynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.