SliderTehnologiýa

«Apple» ilkinji 3 trillion dollarlyk kompaniýa hökmünde taryha girdi

05-07-2023 / 5

Dünýäniň iň gymmat kompaniýasynyň sanawynda «Apple» kompaniýasy 3 trillion 50 milliard dollar bahasy bilen birinjiligi eýelemegi başardy. Ikinji orny bolsa 2 trillion 532 milliard dollar bahasy bilen «Microsoft» eýeläp, üçünji orna Saud Arabystanynyň «Aramco» nebit kompaniýasy eýelemegi başardy. Bu barada «reuters.com» habar berýär.

Şu ýylyň başyndan bäri paýnamalarynyň bahasy 50 göterimden gowrak gymmatlan «Apple» -iň her bir paýnamasy 192,15 dollara ýetdi. Şeýlelikde, häzirki wagtda hem dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmagyny dowam etdirýän «Apple» -iň bazar nyrhy 3,03 trillion dollara ýetdi.

Kompaniýanyň bazar nyrhy ilkinji gezek 2018-nji ýylda 1 trillion dollara ýetipdi. Bilermenler «Apple» -iň ikinji çärýekde garaşylandan has köp «iPhone» satmagynyň we iýun aýynda «Vision Pro» hyýaly hakykat äýnegini tanyşdyrmagynyň girdejisini artdyrandygyny belleýärler.

«Reuters» agentligi tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawy:

  1. Apple – 3 trillion 50 milliard dollar;
  2. Microsoft – 2 trillion 532 milliard dollar;
  3. Aramco – 2 trillion 80 milliard dollar;
  4. Alphabet – 1 trillion 527 milliard dollar;
  5. Amazon – 1 trillion 337 milliard dollar;
  6. NVIDIA – 1 trillion 44 milliard dollar;
  7. Berkshire Hathaway – 829 milliard dollar;
  8. Meta platformalary – 745 milliard dollar;
  9. Tesla – 735 milliard dollar;
  10. Taýwanyň ýarymgeçiriji önümçilik kompaniýasy (TSMC) – 486 milliard dollar.

Mähriban DURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu