Türkmen sungaty, milli mirasy dürli-dürli öwüşginli el-işleriniň toplumy bilen baýdyr. Ene-mamalarymyzyň öz oýlap tapyjylygyny nepislik bilen el hünärine geçirmegi milli mirasymyza öçmejek yz galdyrmak bilen bir hatarda geljek neslimize hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk mekdebine öwrülipdir. Olaryň gymmatlyga öwrülen her bir hünäri taryhyň asyrlaryny aşyp, biziň günlerimize ýetip gelipdir.
Sümmen topbusy bu çaganyň kellesine geýdirilýän başgapdyr. Ol örän irki döwürlere degişli bolup, ony ene-mamalarymyz kiçijik bäbejikleriň maňlaýynyň, gulajyklarynyň üşemezligi üçin niýetläp, taýýarlapdyrlar. Olary iki görnüşde ýagny ýaz hem-de gyş üçin dürli görnüşlerde taýýarlaýardy. Ýazda geýdirmek üçin niýetläni ýeňil ýumşajyk nah matadan bolsa, gyşa niýetläp tikenleri içi pagtadan bolardy. Munuň özi çaganyň elden, sowukdan goramak bilen bir hatarda tygşytlylyga hem uly peýdasy degerdi. Taýýar bolan topbulara hökmany suratda düýe ýüňünden edilen alajalary, kümüş teňňeleri dakylýar. Çünki beýdilmegi çagany gözden dilden goraýar. sagdyn ulalyp ösmegine uly ýardam edýär. Sümmen özüniň çukurlygy bilen tapawutlanyp, onuň ady çaganyň maňlaýy bilen sümdürilip geýdirilendigi üçin sümmen diýlipdir. Kiçijik sümmen ak reňkli nah matadan, içine ýumşajyk matadan işliklenip tikilýär. Onuň gyralarynyň ýumşak bolmagy üçin jähek tutulman, ýumşajyk matadan gyýa (syzgy) tutulýar. Onuň nagyşlary esasan, «köjüme» usulda edilip, çekimli nagyşlar salynýar. Sümmen çaganyň kellesine gaşyna çenli geýdirilýär. Üstünden hem ýaglyk bilen berk edilip, gowy daňylýar. Sümmeniň biçilişi hem üýtgeşikdir. Ýagny uçlary inçelip gidýän matalary birleşdirmek arkaly tikilýär, käbir ýagdaýda oňa pessejik etek hem edilýär.
Çaga biraz ulalyp, beýnisi gatandan soň keteniden, daraýydan ýa-da dürli matalardan gurnalyp, etekleri jäheklenip, dürli nagyşlar bilen bezelýär. Onuň nagyşlaryna syn edeniňde, çaga diňe gowy tarapdan täsir etjek yrymlar bilen baglydyr. Sümmenler diňe keşdeler bilen bezelmän, olara dürli zatlar hem dakypdyrlar. Bu dakylýan zatlar çagany gowy häsiýetler bilen terbiýelemek, ömürleriniň uzak bolmagyny, erkinlik arzuw etmek bilen dakypdyrlar.
Gunça JUMADURDYÝEWA,
Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.