SliderŽurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri

05-07-2023 / 14

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Arkadag şäheri öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy.

Täze şähere halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan 20-den gowrak güwänamanyň we diplomlaryň berlendigini buýsançly bellemek gerek. Şolaryň arasynda BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň we şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany hem-de minnetdarlyk hökmünde Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasy hem bar. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigini alamatlandyrýar. 

Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.

2022-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň açyk asmanyň astyndaky giň gerimli ekologik çäre bolandygyny bellemelidiris. Bu ýerde nazary bilimleri tejribede ulanmak arkaly üzümiň “gara kişmiş” diýlip atlandyrylýan görnüşiniň 500-den gowrak nahaly ekildi. Bu asylly çäräniň şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda we amatly daşky gurşaw şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýeti bar. 

Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Amanmyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň öwreniji mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu