Awstriýaly belli suratkeş Gustaw Klimtiň «Ýelpewaçly hanym» atly çeken suraty «Sotheby’s» auksionynda 74 million funt sterlinge (94 million dollar) satyldy. Bu baha Ýewropada häzire çenli satylan iň gymmat surat hökmünde täze rekord goýmagy başardy. Bu barada «gercekgundem.com» habar berýär.
Häzirlikçe soňky 29 ýylyň içinde bir maşgalanyň elinde bolan bu suraty kimiň satyn alandygy barada heniz anyk maglumat ýok. Gustaw Klimtiň iň gowy eserlerinden biri bolan «Ýelpewaçly hanym» atly eseri, onuň karýerasyndaky iň soňky portret hasaplanylýar. Maglumatlara görä, suratkeş bu suraty 1917-1918-nji ýyllarda, 55 ýaşynda garaşylmadyk ölüminden birnäçe aý öň çekipdir.
«TürkmenGazet».