Habarlar

«Best foreign player» baýragyna mynasyp boldy

04-07-2023 / 11

Dünýä belli argentinaly ýyldyz futbolçy Lionel Messi Fransiýanyň çempionaty bolan «Ligue 1» -de geçen möwsümiň iň ökde legioneri diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, 36 ýaşyndaky futbolçy geçen möwsüm PSŽ-de 32 duşuşyk geçiripdi. Ol şol 32 oýunda 16 gol geçirip, 16 goluň hem pasyny beripdi. Bu barada «dailymail» saýty habar berýär.

Fransiýada geçen möwsümde iň ökde oýunçy diýlip, 4-nji gezek Kylian Mbappe saýlanypdy. Messi möwsümiň ahyrynda PSŽ-den gaýdyp, ABŞ-nyň «Inter Maýami» klubunyň düzüminde karýerasyna dowam edýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu