
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir.
Öz taryhymyz bilen içgin tanyşmagyň iň ähmiýetli mesgeni — muzeýler. Taryhy mesgenlere zyýarat edeniňde ýüregiňde döreýän duýgulary hut şu ýerde hem aýdyň duýup bolýar. Arkadag şäherinde hem Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi döredildi. Onuň ajaýyp binasynda taryh we arheologiýa, tebigat, ekologiýa syýasaty, şekillendiriş sungaty, etnografiýa sergi zallary we beýlekiler ýerleşýär. Şeýle hem muzeýde ugurdaş edaralaryň birnäçesi, şol sanda medeni-aň bilim, ylmy-barlag, çeperçilik-dikeldiş we mahabatlandyryş bölümleri hereket edýär.
Arkadag şäheriniň muzeýiniň taryhy-arheologiki ekspozisiýasyny taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň we ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň hünärmenleri, 2006-njy ýyldan bäri «Medeni gymmatlyklary dikletmek» kafedrasy hereket edýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar.
Müňýyllyklary gerdişinde goýup, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylary synlaýan mahalyň daşarky dünýäni doly unudyp, täsin duýgulara gaplanýarsyň. Bu zatlar hakynda onlarça kitap okalanam bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär.
Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýde özüňi gyzyklandyrýan her bir taryhy sowala degerli jogap tapyp bolýar. Her bir zady üns bilen synlaýarkaň, seriňde döreýän täze pikirler, ylma ymtylyşlar, maksada okgunly çemeleşmek, gözellige we sungata doly düşünmek islegi, mahlasy, geljegiňe degerli köpsanly pikirler seriňe hemra bolýar. Hem ruhy ylhamlar, hem baý taryhy maglumatlar bilim goruňy artdyrýar. Her bir taryhy gymmatlygyň örän gyzykly kyssasy, wakasy bar. Bu bolsa watansöýüjilik ruhy bilen ýaşaýan ýaşlara has uly täsir edýär.
Batyr SERDAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



