Habarlar

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçirildi

03-07-2023 / 9

1-nji iýulda Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn düzümleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ugurdaş komitetiniň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, pudagyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewlerine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. Behişdi bedewler ähli döwürlerde, şu gün hem halkymyzyň wepaly hemrasy, onuň döredijilik ylham çeşmesi bolmagynda galýar. Munuň özi sergide görkezilen eserlerde aýdyň beýanyny tapdy.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli geçirilýän dabaralara hem-de gadymy türkmen topragynyň gözel künjekleriniň birinde — ahalteke bedewleriniň mekanynda guralýan şu günki maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda atçylyk we atçylyk sporty ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde täze “akylly” şäheriň uly kuwwatynyň bardygy bellenildi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu