SliderŽurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri – iri sport merkezi

03-07-2023 / 14

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu maksatlar bilen, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi, köpugurly sport toplumy we sport merkezi (suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Olaryň ählisi halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportuň başa-baş söweş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol üstündäki tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka we beýlekiler, şol sanda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem fitnes, trenažýor, maslahatlar zallary, beýleki otaglar göz öňünde tutuldy. Sport merkezinde suwda ýüzülýän uly howuzdan başga-da, çagalar üçin niýetlenen suw-attraksionly howuz bar.

Ýatlap geçsek, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda şäher stadionynyň öňündäki meýdançada türgenleriň, şol sanda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlaryň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň, ugurdaş okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Talyplaryň “Sagdyn nesil” atly tans topary hem özüniň döredijilik sowgadyny taýýarlady. Şol pursatda sport merkezinde suwda ýüzüjiler we suwda top oýnaýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Köpugurly sport toplumynyň zallarynda hem türgenleriň çykyşlary guraldy.

Bellemek gerek, 1-nji iýunda bu stadionda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi. “Arkadag” hem-de “Ahal” futbol toparlary özara ýaryşdylar. Netijede, “Arkadag” topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Süleýman GARAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu