Habarlar

Hindi ýazyjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

03-07-2023 / 11

Hindi ýazyjysy Jadagadiş Pillai Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol taryhdaky iň uzyn saz tregini ýazdy. Bu ýerde gürrüň «Ramaçaritamanas» epiki poemasyna esaslanýan kompozisiýasy barada aýdylýar. Ol 15 müňden gowrak bentden ybarat hindi edebiýatynyň ýadygärligidir. Netijede, 138 sagat 41 minut 20 sekunt uzynlykdaky trek emele geldi. Şol bir wagtyň özünde eseriň ýazgysy dört ýyldan gowrak wagta çekdi. Pillai hindileriň ruhy merkezi hasaplanýan Waranasi şäherinde dünýä inipdir.

Iň uzyn aýdym sazy 138 sagat, 41 minut 20 sekunt dowam edip – alty gün töweregi üznüksiz diňlemek üçin ýeterlik.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu