SliderSyýahatçylyk

«Deep Sleep» – iň çuň myhmanhana

03-07-2023 / 13

Iňlis kompaniýasy «Go Below» adaty bolmadyk bir tejribe hödürleýär. Şu ýylyň aprelinde kompaniýanyň eýeleri 419 metr çuňlukda ýerleşýän myhmanhana açdylar. Otaglar Snowdoniýa daglaryndaky öňki şifer käninde ýerleşýär.

«Daily Mail» -iň habar bermegine görä, dünýädäki iň çuň myhmanada bir gije galmagyň bahasy 690 dollar. Myhmanhananyň ady «Deep Sleep» (Çuň uky) bolup ol hepdäniň dowamynda diňe bir gün işleýär. Myhmanhananyň esasy amatlyklary, hajathana, suw we elektrik we Wi-Fi. «Deep Sleep» myhmanhanasy dört aýry otagly böleklerden we ýörite maksatly otagdan, naharhana we hammamdan ybaratdyr.

Gijäni ýerasty myhmanhanada geçirmek üçin 550 funt sterling tölemek ýeterlik. «Deep Sleep» (Çuň uky) diýlip atlandyrylýan myhmanhana Kumortin şahta käniniň çuňlugynda ýerleşýär we diňe ýörite geçelge arkaly ýol bilen baryp bolýar.

Başdan geçirme şenbe güni agşam sagat 17:00-da başlaýar, bu ýerde syýahatçylar ýörite ýolbeletler tarapyndan myhmanhana geçirilýär. Munuň üçin gaýalaryň arasynda dik ugur boýunça 45 minut ýöremeli bolarsyňyz, ýöne owadan görnüşler şähdiňi açýar.

Syýahatçylary bu ýerde gyzgyn çaý we dürli görnüşindäki naharlar garşylaýar. Myhmanhananyň temperaturasy ýylyň dowamynda +10C dereje bolýar, ýöne diwarlaryň galyň izolýasiýasy sebäpli otaglar ýyly bolýar. Elektrikli yşyklandyryş pes woltly we 12V batareýa bilen işleýär. Bu ýerde hatda 4G antennasyndan bir kilometrlik kabelden geçýän Wi-Fi hem bar. Magdanda çeşmeden akýan suw hem bar. Netijede, bu myhmanhana mundan öň Şwesiýanyň Sala kümüş käninde 154 metr ýerastynda ýerleşýän myhmanhanadan dünýäniň iň çuň myhmanhanasynyň derejesini almagy başardy.

Döwlet BATYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu