
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň Merkezi seýilgähinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk konsertine gatnaşdy.
Sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlarynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň, şeýle hem berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik döredijilik ruhunyň döredijilik derejesi öz beýanyny tapdy. Konserte gatnaşyjylar özleriniň mahmal owazlary bilen Arkadag şäheriniň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň waspyny ýetirdiler. Köpöwüşginli feýerwerk hem-de dronlaryň şüweleňi baýramçylygyň jemleýji dabarasyna aýratyn öwüşgin saçdy..
Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze giň özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gidýändigini alamatlandyrýan Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy. Goý, Arkadag şäheriniň owazasy zemin üzre ýaň salsyn!
Daýanç ANNAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.



