Habarlar

Ilkaý Gündogan karýerasyna Barselonada dowam eder

30-06-2023 / 10

Asly türk Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Ilkaý Gündogan Ispaniýanyň «Barselona» topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. Bu futbolçy ispan toparynyň düzümine erkin futbolçy hökmünde goşuldy. Bu barada «fcbarcelona.com» habar berýär.

Ilkaý Gündogan «Mançester Siti» topary bilen bolan şertnamasynyň möhletini şu ýylyň 30-njy iýunynda tamamlar. Gündogan bilen ispan topary bilen 2025-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Şeýle hem şertnamada onuň möhletini ýene-de bir möwsüm uzaltmak göz öňüne tutuldy. Ilkaýyň täze toparyna goýberilmegi üçin kesgitlenen baha 400 million ýewro boldy.

«Mançester Siti» -de 7 ýyllap çykyş eden Ilkaý Gündogan 304 oýunda 60 gol geçirmegi başarypdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu