
“Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda edara we durmuş maksatly desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň binalary guruldy. Täze şäheriň binagärlik keşbi bu ýeriň ajaýyp tebigy gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Hususan-da, iri şähergurluşyk taslamasynyň ilkinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy, inženerçilik ulgamlarynyňdyr desgalarynyň hem 14-si guruldy. Şunlukda, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze işli, täze jaýly bolmaga mümkinçilik aldylar.
Şeýle hem täze Arkadag şäherinde halkara ülňülere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Hususan-da, “Intelligent Transportation System” (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalar ulanylýar. Degişli ýol belgileri oýlanyşykly gurnalypdyr. Bularyň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygyna we netijeliligine, oňa gatnaşyjylaryň — sürüjileriň, ýolagçylaryň, pyýada ýolagçylaryň ählisiniň has oňaýly özara hereketlerine ýardam berýär. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” köçeleriň ornaşdyrylmagy “ITS” ulgamynyň esasy wezipesidir.
Täze elektrobuslar we elektromobil taksiler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokary hilli, medeniýetli hyzmaty üpjün eder. “Duralga” we “Ynamly taksi” ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredildi. Ýol töleglerini we onlaýn buýurmalaryny nagt däl görnüşinde amala aşyrmak üçin terminallar göz öňünde tutulypdyr. Şaýollarda jemgyýetçilik ulagy üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi hem ýolagçylar üçin amatlyklary döredýär. “Akylly” ugurlar sürüjilere wagty tygşytlamaga, ýollarda dyknyşyklaryň öňüni almaga ýardam berýär. Ulaglaryň hereketine gözegçilik sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Mundan başga-da, elektrobuslarda ornaşdyrylan ýörite enjam arkaly ulag serişdeleriniň hereket edýän ugurlary we duralgalara gelýän wagty baradaky maglumaty berýän programma üpjünçiligi döredilipdir. Elektrobuslaryň, elektromobilleriň ulanylmagy şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berer.
Röwşen MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



